“Daily Star” gazetiniň 8-nji ýanwarda ýazmagyna görä, Bangladeşiň dokma senagaty içerki we halkara bazarlarynda ýerli dokma önümlerine bolan islegiň artmagy sebäpli 500 milliard taka maýa goýmak üçin mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda ýerli dokma kärhanalary eksporta gönükdirilen trikotaž senagaty üçin çig malyň 85 göterimini we dokma senagaty üçin çig malyň 35-40 göterimini üpjün edýär. Geljek bäş ýylda ýerli dokma öndürijileri dokalan matalara bolan islegiň 60 göterimini kanagatlandyryp bilerler, bu bolsa importa, esasanam Hytaýdan we Hindistandan garaşlylygy azaldar. Bangladeşli geýim öndürijiler her ýyl 12 milliard metr mata ulanýarlar, galan 3 milliard metri Hytaýdan we Hindistandan import edilýär. Geçen ýylda Bangladeşli telekeçiler 19 egirme fabrikasyny, 23 dokma fabrikasyny we iki çap we boýag fabrikasyny gurmak üçin jemi 68,96 milliard taka maýa goýdular.
Ýerleşdirilen wagty: 2022-nji ýylyň 14-nji fewraly