Hindistan we Ýewropa Bileleşigi dokuz ýyllyk arakesmeden soň erkin söwda ylalaşygy boýunça gepleşikleri täzeden başladylar

Hindistanyň Senagat we Söwda ministrligi penşenbe güni beren maglumatynda Hindistan bilen Ýewropa Bileleşigi dokuz ýyllap dowam eden durgunlykdan soň erkin söwda ylalaşygy boýunça gepleşikleri täzeden başladylar diýip habar berdi.

Hindistanyň Söwda we Senagat ministri Piýuş Goýal we Ýewropa Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Waldis Dombrowski 17-nji iýunda ÝB-niň ştab-kwartirasynda geçirilen çärede Hindistan bilen ÝB-niň arasyndaky erkin söwda ylalaşygy boýunça gepleşikleriň resmi taýdan täzeden başlandygyny yglan etdiler diýip, NDTV habar berdi. Hindistanyň Söwda we Senagat ministrliginiň habaryna görä, iki tarapyň arasyndaky gepleşikleriň birinji tapgyry 27-nji iýunda Nýu-Delide başlanmaly.

Bu, ÝB-niň ABŞ-dan soň ikinji uly söwda hyzmatdaşy bolany üçin, Hindistan üçin iň möhüm erkin söwda ylalaşyklarynyň biri bolar. Nýu-Deli: Hindistan bilen ÝB-niň arasyndaky haryt söwdasy 2021-2022-nji ýyllarda rekord derejede 116,36 milliard dollara ýetdi, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43,5% ýokarlandy. Hindistanyň ÝB-ne eksporty 2021-2022 maliýe ýylynda 57% ýokarlanyp, 65 milliard dollara ýetdi.

Hindistan häzir ÝB-niň 10-njy uly söwda hyzmatdaşydyr we Britaniýanyň "Brexit"-den öň ÝB-niň geçiren barlagynda Hindistan bilen söwda ylalaşygynyň 10 milliard dollara deň girdeji getirjekdigi aýdylýar. Iki tarap erkin söwda ylalaşygy boýunça gepleşikleri 2007-nji ýylda başladylar, ýöne awtoulaglara we şeraplara salgytlar boýunça pikir alyşmazlyklar sebäpli gepleşikleri 2013-nji ýylda togtadyp goýdular. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýeniň aprel aýynda Hindistana, Hindistanyň prezidenti Narendra Modiniň maý aýynda Ýewropa sapary Erkin söwda şertnamasy boýunça pikir alyşmalary çaltlaşdyrdy we gepleşikler üçin ýol kartasyny döretdi.


Ýerleşdirilen wagty: 2022-nji ýylyň 9-njy awgusty