Nepal we Butan duşenbe güni iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny çaltlaşdyrmak maksady bilen onlaýn söwda gepleşikleriniň dördünji tapgyryny geçirdiler.
Nepalyň Senagat, Söwda we Üpjünçilik ministrliginiň maglumatyna görä, iki ýurt duşuşykda ýeňillikli harytlaryň sanawyny gaýtadan gözden geçirmek barada ylalaşdylar. Duşuşykda şeýle hem gelip çykyş sertifikatlary ýaly degişli meselelere üns berildi.
Butan Nepaly ikitaraplaýyn söwda ylalaşygyna gol çekmäge çagyrdy. Häzirki güne çenli Nepal ABŞ, Beýik Britaniýa, Hindistan, Russiýa, Günorta Koreýa, Demirgazyk Koreýa, Müsür, Bangladeş, Şri-Lanka, Bolgariýa, Hytaý, Çehiýa Respublikasy, Pakistan, Rumyniýa, Mongoliýa we Polşa ýaly 17 ýurt bilen ikitaraplaýyn söwda ylalaşyklaryna gol çekdi. Nepal şeýle hem Hindistan bilen ikitaraplaýyn ýeňillikli düzgünler barada ylalaşyk baglaşdy we Hytaýdan, ABŞ-dan we Ýewropa ýurtlaryndan ýeňillikli düzgünlerden peýdalanýar.
Ýerleşdirilen wagty: 2022-nji ýylyň 2-nji awgusty